Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.


11-nji martda türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde adamlar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanşykly meselelere uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň ähli künjekleriniň bagy-bossanlyga bürenmegi, ekologiýa abadançylygynyň saklanmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Durdylyýew şäheriň çäginde geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň azky möwsüminiň meýilnamasy möwsümiň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň derejesi barada hasabat berdiler.
Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirlginiň ýolbaşçysy Işangulyýewe ýüzlenip, bu ýerde hereket edýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň işini talaba laýyk gurmak bilen baglanşykly meselelere örän jogaäpkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Saglygy goraýyş edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi olarda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem türkmen halkynyň milli lideri Arkadag şäher alyjylyar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Muhammedowyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu ýerde söwda hem-de hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň rektory Baýramdudryýewe ýüzlenip, ätze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň guramaçylyk meselelerine hemmetaraplaýyn esasda girişmegi tabşyrdy. Ýokary okuw mekdebiniň dekanat, kafedra, okuw bölümi işleri döwrebap, täzeçil usulda utgaşykly alyp barmalydyr. Bu işleriň häzirki döwrüň talabyna we ýokary halkara tejribesine laýyklykda guralmagy ýokary okuw mekdebiniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň seýilgäh zolagyny we beýleki ugurdaş desgalaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde Ahal welaýatynyň çäginde bar bolan taryhy medeni ýadygärlikleriň şekil görnüşleri ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň milli Lideri Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilýän desgalaryň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejede gurulmagyna, olarda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ajaýyp desgalarynyň şekilleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. hormatly Arkadagymyz bu ýerde gök zolaklaryň çägini giňeltmek we özboluşly gözelligi bolan möwsümleýin gülleri köpçülikleýin ekmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.








