HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerini gutladylar

Mart 11, 2023 | 22:06 |6536
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý
Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenmegi
bilen gutlady.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý
Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenmegi
bilen gutlady.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenmegi bilen gutlady.

“Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin, bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.

“Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris. Türkmen-hytaý köpugurly hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hatynda nygtalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026