

18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler
18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler. Bu barada karara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.


18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler. Bu barada karara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.


Aşgabatdaky Rus öýüniň esasynda çagalaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürip biljek şekillendiriş sungaty studiýasyny açmagy meýilleşdirýärler.


Anna güni geçirilen mejlisde Özbegistanyň parlamentiniň kanun çykaryjy (aşaky) palatasynyň deputatlary respublikanyň täze konstitusiýasy boýunça 30-njy aprelde referendum geçirmek barada karar kabul etdiler – diýip, RIA-nyň habarçysy ýazýar.


Eýran bilen Saud Arabystany diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmek barada ylalaşyga gol çekdiler, iki aýyň içinde ilçihanalary açmak meýilleşdirilýär – diýlip, Eýran hökümeti tarapyndan çap edilen beýanatda habar berilýär.


Kosmonawtlaryň uçuşdan öň «Çölüň ak Güni» filmine tomaşa etmek däbini hemmeler bilýän bolsa gerek. Türkmen landşaftlary bilen döredilen meşhur filmi, hatda kosmonawtlara öwredilýän operatorlyk işinde amaly gollanma öwrüldi. Dogry, HKM-de film düşürmek üçin däl (aslynda şeýle-de bolaýaram), dürli taslamalar üçin wideo ýazga almak üçin. Uçuşdan öňki ýene bir däp ýakyn wagtda Türkmenabatda doglan - Türkmenistanyň we Russiýanyň gahrymany, kosmonawt toparynyň başlygy Oleg Kononenko tarapyndan goýlar. Bu gezek, ol ýakyn wagtda uçuşa taýýarlanýan kärdeşleri bilen diňe bir film görmän, eýsem teatra hem giderler.


TÜRKSOÝ-yň başlangyjy bilen Türki dilli ýurtlaryň ýazyjylar birleşmesi döredildi – diýlip, guramanyň resmi saýtynda habar berilýär. Degişli ylalaşyga Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekilleri gol çekdiler.


Pekine uçmak üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna uçara münende syýahata 48 sagatdan köp bolmadyk wagtda berlen koronawirus üçin PSR-testiň netijeleri, şeýle hem lukmançylyk örtügi gerekdir.


Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçýän raýat jemgyýetiniň «ÝB-Merkezi Aziýa» 4-nji forumyna gatnaşýar, onda ýaşlaryň karar kabul etmäge gatnaşmagy, gender deňliginiň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.


Si Szinpin halk wekilleriniň Umumyhytaý ýygnagynyň deputatlary tarapyndan HHR-nyň başlyklygyna üçünji möhlete biragyzdan gaýtadan saýlandy – diýip, «Sinhua» habar berýär.


Türkmenistanda Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goldamagynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda XII Spartakiada başlandy.


Türkmenistan we Germaniýa iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak üçin bilelikdäki işewürlik forumlaryny we sergileri geçirmegi meýilleşdirýärler.


Töleg ykjam goşundysyna Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryny tölemek funksiýasy goşuldy.


Ýük daşamalarynyň artdyrylmagyny, senagat kärhanalarynyň döredilmegini we ulag geçelgeleriň ulanylmagyny Duşanbede Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ara alyp maslahatlaşdylar.


2023-nji ýylyň başyndan bäri iň güýçli ýagyş Türkmenistanda 10-njy martdan 11-nji marta geçilen gije garaşylýar – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär. 12 sagadyň dowamynda 7-15 mm ýagyşyň ýagmagy ahmal.