HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astana Hazar deňziniň daşyndan aýlanyp geçýän awtoulag ýoluny gurmak meselesini Moskwa we Aşgabat bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýar

Aprel 11, 2023 | 20:48 |41198
Gazagystan, degişli teklip berlen ýagdaýynda, Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasy boýunça awtoulag ýoluny gurmak meselesini Russiýa we Türkmenistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýar. Bu barada Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministriniň orunbasary Almaz Idyrysow RIA Nowosti agentligine habar berdi.Gazagystan, degişli teklip berlen ýagdaýynda, Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasy boýunça awtoulag ýoluny gurmak meselesini Russiýa we Türkmenistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýar. Bu barada Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministriniň orunbasary Almaz Idyrysow RIA Nowosti agentligine habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Gazagystan, degişli teklip berlen ýagdaýynda, Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasy boýunça awtoulag ýoluny gurmak meselesini Russiýa we Türkmenistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýar. Bu barada Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministriniň orunbasary Almaz Idyrysow RIA Nowosti agentligine habar berdi.

Mart aýynyň ahyrynda Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin RIA Nowosti habarlar agentligine maý aýynda geçiriljek “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” maslahatynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistan we Gazagystan bilen Hazar deňziniň daşyndan aýlanyp geçýän awtoulag ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy, mümkin, ylalaşyga gol çekiler.

Idyrysow: "Ministrlik, gyzyklanma bildirýän taraplar tarapyndan deslapky gepleşikleri geçirmek teklipi öňe sürlen ýagdaýynda, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça awtoulag ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar" - diýdi. Ol Hazar deňziniň daşyndan aýlanyp geçýän ýoluň üznüksiz aragatnaşygy ýola goýmaga, şeýle-de ýurtlaryň arasynda ulag potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Idyrysow gazak tarapynyň bu ugurdaky “Atyrau - Russiýa Federasiýasynyň serhedi” (Astrakhana) bölegiň 2024-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilen durkuny täzeleme işlerini alyp barýandygyny aýtdy.

Ministriň orunbasary: "2030-njy ýyla çenli “Žanaozen-Kenderli – Türkmenistan serhedi” we “Atyrau-Dossor” ýollaryny dikeltmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär" - diýdi.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen wise-premýer Husnulliniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri boýunça ýurtlaryň bilelikdäki ýol taslamasy - Hazar deňziniň gündogar kenarýakasy boýunça awtoulag ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşýandyklary mälim boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026