HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda köp sebitli Microsoft merkez açylar

Aprel 11, 2023 | 19:18 |8860
Amerikanyň Microsoft kompaniýasy Gazagystanda Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Mongoliýa we Pakistan ýurtlaryny öz içine alýan köp sebitli merkez açar. Microsoft-yň işiniň lokallaşdyrylmagy, sebit derejesinde tehnologiýalary we öňdebaryjy çözgütleri özüne çekiji merkeze öwrülmäge mümkinçilik berer, - diýip ICDIAP-yň başlygy Bagdat Musin bilen Microsoft-yň Gazagystanda baş direktory Sergeý Leşenkonyň duşuşygynyň netijesi boýunça Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi senagaty ministrliginiň (ICDIAP) metbugat gullugy tarapyndan duşenbe güni ýaýradan habarynda aýdylýar.Amerikanyň Microsoft kompaniýasy Gazagystanda Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Mongoliýa we Pakistan ýurtlaryny öz içine alýan köp sebitli merkez açar. Microsoft-yň işiniň lokallaşdyrylmagy, sebit derejesinde tehnologiýalary we öňdebaryjy çözgütleri özüne çekiji merkeze öwrülmäge mümkinçilik berer, - diýip ICDIAP-yň başlygy Bagdat Musin bilen Microsoft-yň Gazagystanda baş direktory Sergeý Leşenkonyň duşuşygynyň netijesi boýunça Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi senagaty ministrliginiň (ICDIAP) metbugat gullugy tarapyndan duşenbe güni ýaýradan habarynda aýdylýar.
Çeşme: 3dnews.ru

Amerikanyň Microsoft kompaniýasy Gazagystanda Merkezi Aziýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Mongoliýa we Pakistan ýurtlaryny öz içine alýan köp sebitli merkez açar. Microsoft-yň işiniň lokallaşdyrylmagy, sebit derejesinde tehnologiýalary we öňdebaryjy çözgütleri özüne çekiji merkeze öwrülmäge mümkinçilik berer, - diýip ICDIAP-yň başlygy Bagdat Musin bilen Microsoft-yň Gazagystanda baş direktory Sergeý Leşenkonyň duşuşygynyň netijesi boýunça Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi senagaty ministrliginiň (ICDIAP) metbugat gullugy tarapyndan duşenbe güni ýaýradan habarynda aýdylýar.

Gazagystanyň ofisini sebit merkezine öwürmek barada Nýu-Yorkorkda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen Microsoft korporasiýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça baş direktory Mişel Simmonsyň arasynda geçirilen duşuşykda ylalaşyk gazanyldy.

Tehnologiki ösüşiň we Microsoft-yň innowasiýalarynyň merkezi bolmak bilen sebit merkezi, adam maýasyny ösdürmek we çig-mal bolmadyk tehnologiýa pudaklaryndan önüm öndürmek we eksport etmek arkaly Gazagystanyň milli ykdysadyýetini güýçlendirmek üçin hereketlendiriji bolup biler.

Häzirki döwrebap infrastrukturanyň esasynda döredilen Microsoft-yň Gazagystandaky köp sebit merkezi, tutuş Merkezi Aziýa sebiti we dünýäniň köp ýurtlary üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer, - diýip habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026