HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we BMG-niň durnukly ösüş babatynda bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 11, 2023 | 14:11 |9551
Türkmenistanyň hökümeti we BMG 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwalaýyn maksatnamasynyň çäklerinde netijeler boýunça Bilelikdäki toparlaryň duşuşygyny geçirdiler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň hökümeti we BMG 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwalaýyn maksatnamasynyň çäklerinde netijeler boýunça Bilelikdäki toparlaryň duşuşygyny geçirdiler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: instagram.com/un_turkmenistan

Türkmenistanyň hökümeti we BMG 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwalaýyn maksatnamasynyň çäklerinde netijeler boýunça Bilelikdäki toparlaryň duşuşygyny geçirdiler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar maksatnamalary ýerine ýetirmekde gazanylan üstünlige garadylar, şeýle hem 2023-nji ýyldaky bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, Çarçuwalaýyn maksatnamanyň bäş gutarnykly netijelerini gazanmakda ösüşe seredildi:

  1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyrma we kanunyň hökmürowanlygy;
  2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudagy, giňeldilen söwda we onuň öňe sürülmegi;
  3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliginiň kemelmegi, howanyň üýtgemegine uýgunlaşma we durnuklylygyň ýokarlanmagy;
  4. Saglygy goraýyşyň we durmuş taýdan goraglylygyň ýokary hilli we elýeterli hyzmatlary;
  5. Ýokary hilli, inklýuziw we elýeterli bilim we hünäri ýokarlandyrmak üçin ulgamlar.

Toparlaryň bilelikdäki başlyklary maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça iş meýilnamalaryny hödürlediler we onuň gysga möhletli synyny geçirmekligiň zerurdygyny goldadylar.

Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwalaýyn maksatnamasy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça milli maksatnamalary bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Ol ýurduň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatyndaky Gün tertibine we halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026