HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazak filmleri we seriallary Netflix platformasynda peýda bolup biler

Aprel 11, 2023 | 14:07 |12611
Gazagystanyň maglumatlar we jemgyýetçilik ösüşi ministri Darhan Kydyrali Netflix-iň sebitleýin direktory Aleksandr Long bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda gazak filmlerini bu platformada ýerleşdirmegiň mümkinçiligine garaldy.Gazagystanyň maglumatlar we jemgyýetçilik ösüşi ministri Darhan Kydyrali Netflix-iň sebitleýin direktory Aleksandr Long bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda gazak filmlerini bu platformada ýerleşdirmegiň mümkinçiligine garaldy.
Çeşme: astanatimes.com

Gazagystanyň maglumatlar we jemgyýetçilik ösüşi ministri Darhan Kydyrali Netflix-iň sebitleýin direktory Aleksandr Long bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda gazak filmlerini bu platformada ýerleşdirmegiň mümkinçiligine garaldy.

«Kompaniýanyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, men hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdim. Biz geljekde Netflix-de gazak filmlerini alyp görkezmegi meýilleşdirýäris» - diýip, ministr özüniň Facebook sosial torundaky sahypasynda ýazdy.

Ministr soňky ýyllarda gazaklaryň öndüren filmleriniň we seriallarynyň öz hil derejesini ep-esli ýokarlandyrandygyny belledi – diýip, The Astana Times habar berýär.

Gazak kinematografynyň abraýynyň ýokarydygyny, aýratyn hem, ozalky sowet giňişliginde ýokarydygyny belläp geçmelidiris. «Watançylaryň wagty», «Gudalar», «Kwartirantlar», «Öýlenen sallah» we başga-da köp kinolentalar GDA ýurtlarynyň tomaşaçylarynyň söýgüli filmlerine öwrüldiler.

Öz gezeginde, Netflix striming hyzmaty filmleriň we seriallaryň tomaşa edilişiniň mukdary boýunça dünýäniň meşhur platformalarynyň biri bolup durýar. Kompaniýanyň dünýäniň 190 ýurdunda 230 mln-dan gowrak ýazylanlary bardyr.

2020-nji ýyldan bäri GDA-nyň tomaşaçylary üçin saýtyň rusça resmileşdirmesi bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026