

Beýonse «Gremmi» baýraklarynyň sany boýunça rekord goýdy
Amerikan aýdymçysy Beýonse özüniň 32-nji «Gremmi» baýragyny mynasyp boldy we taryhda şu baýraklaryň iň köp sanlysynyň eýesi boldy – diýip, BBC News habar berýär.


Amerikan aýdymçysy Beýonse özüniň 32-nji «Gremmi» baýragyny mynasyp boldy we taryhda şu baýraklaryň iň köp sanlysynyň eýesi boldy – diýip, BBC News habar berýär.


Şenbe güni, 4-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $7,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Turkish airlines milli awiakompaniýasy halas ediş toparlaryny güýçli ýer titremeleri bolan Kahramanmaraş welaýatyndaky betbagtçylyk zolagyna tiz eltmek üçin goşmaça uçuşlary taýýarlaýar. Bu barada Anadolu agentligi awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň baştutanyna salgylanyp, habar berýär.


22-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, oňa 38 sany lot çykarylar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.


Ýanwar aýynyň soňy we fewral aýynyň ilkinji hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Şenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri «Astana» halkara maliýe merkeziniň (AIFC) wekiliýeti bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Anna güni, 3-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $34,2 mln amerikan dollaryna we 5 mln türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Özbegistan 2022-nji ýylyň iň gowy küşt ýurdy diýlip ykrar edildi – diýip, ýurduň Küşt federasiýasynyň başlygy, Ýaşlar syýasaty we sport ministriniň birinji orunbasary Alişer Sadullaýewe salgylanyp, UzA agentligi habar berýär.


Halkara olimpiýa komiteti 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde geçiriljek IV gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bäsleşige badalga berdi.


BAE-niň Şahsyýeti anyklamak, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal müdirligi täze hyzmata badalga berdi, ol ähli ýurduň wekillerine berlen ähli görnüşdäki wizalary 60 günlük uzaltmaga mümkinçilik berýär.


«Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komiteti Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnulliniň baştutanlygynda sammitiň çäreleriniň meýilnamasyny we işewür maksatnamasynyň konsepsiýasyny makullady. Bu barada Tatar-inform habar berýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar we iň gowy arzuwlaryny iberýär.**


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.