

Gazak nebiti Jeýhandan Rumyniýa ugradylyp başlandy
Gazagystanyň nebiti Jeýhan portundan Rumyniýa tarap ugradylyp başlandy – diýip, “KazMunaýGaz” Milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň (MKPJ) metbugat gullugy habar berýär.


Gazagystanyň nebiti Jeýhan portundan Rumyniýa tarap ugradylyp başlandy – diýip, “KazMunaýGaz” Milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň (MKPJ) metbugat gullugy habar berýär.


"Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi sebit gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we umuman halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, geçirilen motosikl ýörişine ýokary baha berýär" – diýip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda şenbe güni KHBS üçin ýerleşdirilen habarda bellenýär.


Awtoulagdaky iň gymmat düzüm bölekleriniň biri-de hereketlendirijidir, şonuň üçin ony çalyşmak köplenç gymmada düşýär. Diagnostika enjamlaryny öndürmekde ýöriteleşen CarMD amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri iň ygtybarly hereketlendirijisi bolan awtoulaglary mälim etdiler – diýip, Daily-Motor.Ru ýazýar.


22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy. Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.


Moskwada Arkalaşygyň Senagat syýasaty geňeşiniň garamagynda GDA agza ýurtlaryň ulag serişdeleri üçin tebigy gazyň motor ýangyjy hökmünde ulanylmagyny ösdürmek we höweslendirmek boýunça bilermenler toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.


Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.


Golaýda, Seulyň demirgazygyndaky Kýongido welaýatynyň Günorta Koreýanyň Yýjongbu şäheri, Şinhan uniwersitetinde türkmen kinorežissýorlarynyň filminiň görkezilişi geçirilen Türkmen Medeniýet günleri çärelerini geçirdi.


Türkmenistandaky UNISEF, Futbol federasiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda Daşoguz we Lebap welaýtlarynyň mekdep okuwçylaryna we ýaşlaryna niýetlenen futbol ýaryşynda sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge goşant goşdy.


Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa-Hytaý’ formatynda ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysynyň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.


Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.


Futbol boýunça Türkmenistan kubogynyň deslapky tapgyrynda «Arkadag» FK Mary «Energetik» toparyny ýeňdi. Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirilen duşuşyk «Arkadag»-yň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy.


Şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde suw baýlyklaryny dolandyrmak» atly ylmy konferensiýa geçirildi.


Moskwada, «Dinamo»-nyň 100 ýyllygy mynasybetli meşhur sport jemgyýetiniň muzeýi açyldy. Rowaýata öwrülen klubyň iň ajaýyp ýeňişlerini görüp we Petropawlowsk seýilgähindäki täze taryhy galereýada iň ýokary baýrak gazananlar barada öwrenip bilersiňiz diýip, RIA Nowosti habar berýär.


2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3.07 milliard dollara deňdir.


Stambulyň “Mawy metjit” diýlip tanalýan Soltanahmet metjidi bäş ýyllyk dikeldiş işlerinden soň myhmanlary we ybadat edýänleri kabul edip başlady. Anna güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagynda metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Şol günüň özünde, uzak wagtlyk arakesmeden soň, bu ýerde ilkinji ybadatlar edildi – diýip, TRT kanaly habar berýär.