HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambuldaky Mawy metjit myhmanlar üçin täzeden açyldy

Aprel 22, 2023 | 16:25 |12536
Stambulyň “Mawy metjit” diýlip tanalýan Soltanahmet metjidi bäş ýyllyk dikeldiş işlerinden soň myhmanlary we ybadat edýänleri kabul edip başlady. Anna güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagynda metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Şol günüň özünde,  uzak wagtlyk arakesmeden soň, bu ýerde ilkinji ybadatlar edildi – diýip, TRT kanaly habar berýär.Stambulyň “Mawy metjit” diýlip tanalýan Soltanahmet metjidi bäş ýyllyk dikeldiş işlerinden soň myhmanlary we ybadat edýänleri kabul edip başlady. Anna güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagynda metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Şol günüň özünde,  uzak wagtlyk arakesmeden soň, bu ýerde ilkinji ybadatlar edildi – diýip, TRT kanaly habar berýär.
Çeşme: trip-dreams.ru

Stambulyň “Mawy metjit” diýlip tanalýan Soltanahmet metjidi bäş ýyllyk dikeldiş işlerinden soň myhmanlary we ybadat edýänleri kabul edip başlady. Anna güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagynda metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Şol günüň özünde, uzak wagtlyk arakesmeden soň, bu ýerde ilkinji ybadatlar edildi – diýip, TRT kanaly habar berýär.

Dikeldiş işgärleri XVII asyrda gurlan üç minarany söküp, täzeden gurdular. Elektrik geçirijileri doly çalyşdylar, daşlary arassalap, reňkli aýnalary gaýtadan birlaý elden geçirdiler. Bilermenler binanyň seýsmiki durnuklylygyna-da baha berdiler.

Mawy metjit Osman şalygy möwritiniň 1609-1616-njy ýyllar aralygynda Soltan Ahmet I-iň hökümdarlyk eden döwründe gurlan taryhy ýadygärlikidir. Gurluşygyň içki diwarlary el bilen boýalan mawy plitalar bilen bezelendir. Gijelerine çyralar bäş esasy we sekiz sany uly bolmadyk gümmezi we alty minaranyny jähekläp, yşyk saçanda, metjit owadan gök yşyga dolýar.

1985-nji ýylda Mawy metjit ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026