HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG we Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýär

Aprel 23, 2023 | 01:52 |11281
Türkmenistandaky UNISEF, Futbol federasiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda Daşoguz we Lebap welaýtlarynyň mekdep okuwçylaryna we ýaşlaryna niýetlenen futbol ýaryşynda sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge goşant goşdy.Türkmenistandaky UNISEF, Futbol federasiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda Daşoguz we Lebap welaýtlarynyň mekdep okuwçylaryna we ýaşlaryna niýetlenen futbol ýaryşynda sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge goşant goşdy.
Çeşme: ЮНИСЕФ

Türkmenistandaky UNISEF, Futbol federasiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda Daşoguz we Lebap welaýtlarynyň mekdep okuwçylaryna we ýaşlaryna niýetlenen futbol ýaryşynda sport arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge goşant goşdy.

1682192195589-1.JPG

Bu çäreler 19-njy we 22-nji aprelde Türkmenistan hökümeti tarapyndan BMG-nyň dört guramasynyň - UNISEF, UNFPA, UNODC we IOM goldawy bilen durmuşa geçirilýän «Pandemiýanyň köp ölçegli saglyk howplaryny azaltmak üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bilelikdäki maksatnamasynyň jemleýji çäreleri hökmünde geçirildi.

1682192195610-1.JPG

Mekdep okuwçylary we ýaşlar, professional futbolçylar tarapyndan geçirilen interaktiw ussatlyk dersinde futbol oýnamagy we kiçi futbol ýaryşyna gatnaşmagy öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Çäre üstünlikli geçdi, mekdep okuwçylary we ýaşlar höwes we sporta uly gyzyklanma bildirdiler hem-de köp çagalar beden we akyl taýdan kämilleşmäge taýýardyklaryny görkezip, sport bilen meşgullanmagy dowam etdirmäge islegini beýan etdiler.

1682192195543-1.JPG

– Men 5 ýaşymdan bäri futbol oýnaýaryn we ýeňmegi halaýaryn. Ýöne şu gün dostlugyň gazanandygyna gaty begenýärin. Bu gaty gyzyklydy. Geljekde hünärmen futbolçy bolmak we halkara çempionatlarynda ýeňiş gazanmak isleýärin, - diýip, Daşoguzyň «Almaz» futbol toparynyň 10 ýaşly oýunçysy Jafar Jumabaýew aýtdy.

1682192195499-1.JPG

– Sport çagalaryň ösüşiniň möhüm tarapy. Ol diňe olaryň saglygyna däl, eýsem okuwfa üstünligine we ýolbaşçylyk häsiýetlerine hem oňyn täsir edýär. Şeýle çäreleriň çagalaryň arasynda sportuň meşhur bolmagyna goşant goşýandygyna we olary işjeň bolmaga iterýändigine ynanýarys. Futbol federasiýasyna Türkmenistandaky her bir çaganyň saglygyna we abadançylygyna goşant goşýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirýäris, - diýip UNICEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýazi sözüni jemledi.

в конце (1)-1.JPG

в конце (2)-1.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026