HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Türkmenistana barýan demir ýoluň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak isleýär

Aprel 22, 2023 | 22:57 |10162
Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.
Çeşme: orient.tm

Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.

Ol: “Merkezi Aziýa döwletleriniň demir ýol ulaglary babatdaky güýçli pozisiýasyny göz öňünde tutsak, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesinde demirýollaryň geçirijilik kuwwatyny ulanmak üçin has köp mümkinçilik bar” – diýip aýtdy we gündogar Eýranda bu ugurda infrastrukturany güýçlendirmek we ösdürmek üçin möhüm taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, onuň sözlerine görä, sebit ulag ulgamynyň zerurlyklarynyň aglaba köpüsini Inçeburun geçelgesiniň we Sarahsyň üsti bilen bilen Bender-Abbas portundan Türkmenistana çenli demir ýoluň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly kanagatlandyrmak bolar – diýip, Tasnim news agentligi habar berýär.

Şeýle-de “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin Eýran döwletine hazarýaka döwletleriň portlary bilen aragatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly Hazardaky ulag ulgamyny güýçlendirmek möhümdir – diýip, Daneş Jafari aýtdy.

Eýranyň ulag ösüş gaznasy ýakynda ulag taslamalaryny maliýeleşdirmegi giňeltmek maksady bilen döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026