HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sian Aşgabat şäherine howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Aprel 23, 2023 | 02:27 |19019
Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.
Çeşme: qtavia.com

Sian – Hytaýyň merkezindäki esasy şäher we Şensi welaýatynyň paýtagty ýakyn wagtda Aşgabat we Duşanbe howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sian Ösüş we Özgertmeler toparynyň müdiriniň orunbasary Wan Kaý şenbe güni: «Ýük gatnawlary gaýtadan dikeldildi hem-de açyldy we biz Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurduny doly gurşap almak üçin gysga wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Duşanbe, Täjigistan we Aşgabat, Türkmenistan ýurtlaryna iki täze gatnawy açarys», - diýdi diýip, Economic Daily habar berýär.

21-nji aprelde ilkinji Air China uçary 63 ýolagçyny alyp, Sian - Sýanýan halkara howa menzilinden Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Şu ýylyň başyndan bäri Sian-dan Almaty, Daşkent we Bişkek şäherine barýan ýolagçy ugurlary açyldy. Mundan başga-da, Sian-dan Almaty we Daşkende ýük gatnawlary hem hereket edýär.

Şensi welaýat häkimliginiň häkiminiň orunbasary we Sian şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýe. Nýupin, Sianyň ýurduň merkezi şäheri we möhüm derwezesi hökmünde halkara awiasiýa merkezini we China-Europe Express Changan ýük merkezini gurmagy maksat edinýändigini we ýokary netijelilik, arzan bahaly we ajaýyp hyzmat bilen halkara söwda kanalyny döretmek üçin ähli tagallalary edýändigini aýtdy.

Sian howa menzili, ýük dolanyşygynyň ösüşi boýunça Hytaý howa menzilleriniň arasynda birinji orny eýeleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026