HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: BAE-ne karbamidiň 100 müň tonnasyny ugratmak barada geleşik baglaşyldy

Aprel 25, 2023 | 15:10 |5842
Duşenbe güni, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $20,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $20,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Duşenbe güni, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $20,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den gelen işewür «B» kysymly karbamidiň jemi 100 müň tonnasyny satyn aldy. Önümiň her tonnasyna $181 amerikan dollary baha berildi, geleşigiň jemi bahasy bolsa $18,1 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 1 mln kg-dan gowragyny $2 mln-dan gowrak amerikan dollaryna satyn aldylar.

Gyrgyzystandan gelen telekeçi matalaryň dürli görnüşleriniň 750 müň inedördül metrini $285 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026