

Türkmenistanyň serhet edarasynyň kinologik gullugyna täze enjam gelip gowuşdy
Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Kinologik gullugyna bahasy 9,8 müň ýewro möçberindäki täze türgenleşik enjamygelip gowuşdy. Bu barada BOMKA-nyň saýtynda habar berilýär.



















