HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň Katarda Owganystan boýunça geçiren sammitine Türkmenistan gatnaşdy

Maý 03, 2023 | 01:57 |8019
BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş adam hukuklary, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklary, inklýuziw dolandyryş, terrorçylyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş ýaly möhüm meselelerde umumy pikire gelmek üçin Kataryň Doha şäherinde sammit üçin Owganystan boýunça ýörite wekilleri ýygnady. Duşuşyk bu meseleler boýunça Talyban bilen nähili işleşmelidigi barada halkara jemgyýetçiliginde umumy düşünişmäge gönükdirilendir.BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş adam hukuklary, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklary, inklýuziw dolandyryş, terrorçylyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş ýaly möhüm meselelerde umumy pikire gelmek üçin Kataryň Doha şäherinde sammit üçin Owganystan boýunça ýörite wekilleri ýygnady. Duşuşyk bu meseleler boýunça Talyban bilen nähili işleşmelidigi barada halkara jemgyýetçiliginde umumy düşünişmäge gönükdirilendir.
Çeşme: media.un.org

BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş adam hukuklary, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklary, inklýuziw dolandyryş, terrorçylyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş ýaly möhüm meselelerde umumy pikire gelmek üçin Kataryň Doha şäherinde sammit üçin Owganystan boýunça ýörite wekilleri ýygnady. Duşuşyk bu meseleler boýunça Talyban bilen nähili işleşmelidigi barada halkara jemgyýetçiliginde umumy düşünişmäge gönükdirilendir.

Bu duşuşyga ilçilerini iberen ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Şeýle-de Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Norwegiýanyň, Päkistanyň, Kataryň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Angliýanyň, ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň hem wekilleri gatnaşdylar.

Iki gün dowam eden sammit sişenbe güni tamamlandy. António Guterreş ýapyk ýygnagyň esasy netijeleri bilen metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdi.

BMG-nyň Baş sekretary: – "Duşuşykda gürrüň Talybanyň de-fakto häkimiýetlerini ykrar etmek däl-de, umumy halkara çemeleşmäni ösdürmek barada boldy" – diýdi. – “Möhüm zat, hemmämiz birek-biregiň aladalaryna we çäklendirmelerine düşünmegimiz, ýöne bilelikde işlemegiň hemmeleriň, esasanam owganlylaryň bähbidine boljakdygy üçin ylalaşanmagymyzdyr".

Duşuşyga gatnaşanlar Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga we möhüm meseleleri çözmäge mümkinçilik berjek özara täsirli strategiýany işläp düzmegiň zerurlygy bilen ylalaşdylar. Bu ýurtda terrorçylyk guramalarynyň bolmagy, inklýuziwlilik ýetmezçiligi, adam hukuklarynyň, esasanam aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy we bikanun neşe söwdasy aladalandyrýar.

Dürli ýurtlar bu meselelere dürli ähmiýet berýän bolsalar-da, olaryň biri-biri bilen baglanyşyklylygy umumy ykrar edilýär. Guterreş bir meseläni ileri tutmagyň beýlekileriň ähmiýetini äsgermezlik etmegi aňlatmaýandygyny belledi.

Baş sekretar: "BMG owgan halkyny birinji orunda goýýan we bar bolan sebit platformalaryny we başlangyçlaryny doldurýan öňdengörüjilikli çemeleşmäni ösdürmek üçin institusional mümkinçiliklerinden peýdalanmagy dowam etdirer" -diýdi.

Ol geçirilen maslahatdan soňra şular ýaly duşuşyklary ýene çagyrmaga taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026