HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ÝÖTB-nyň «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypalyk mekdebi-2023» atly taslamasy başlandy

Maý 02, 2023 | 23:40 |8540
Duşenbe güni Aşgabatda Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypalyk mekdebi-2023» atly taslamasy öz işine başlady. Ol Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Işewür zenanlar» maksatnamasynyň çäginde geçirilýär.Duşenbe güni Aşgabatda Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypalyk mekdebi-2023» atly taslamasy öz işine başlady. Ol Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Işewür zenanlar» maksatnamasynyň çäginde geçirilýär.
Çeşme: ЕБРР

Duşenbe güni Aşgabatda Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypalyk mekdebi-2023» atly taslamasy öz işine başlady. Ol Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Işewür zenanlar» maksatnamasynyň çäginde geçirilýär.

Çäräniň resmi bölegine ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso, şeýle hem halkara hünärmenleri, bu maksatnamanyň bir ýyldan gowrak wagt bäri durmuşa geçirilýän ýeri Gazagystandan we Gyrgyzystandan tälimçiler we halypalar (zenan telekeçiler) gatnaşdylar.

Mekdep, işini ösdürmekde netijeleri gazanmaga höwesli we şahsy üýtgeşmelere hem-de işdäki üýtgeşmelere taýýar zenanlar üçin niýetlenendir. Taslama şertli ýagdaýda iki tapgyra bölünip bilner: halypalar ulgamynyň işjeňleşmegi hem-de zenan telekeçileriň – halypalar toparynyň döredilmegi.

Taslama 15 halypa we 30 mugallym gatnaşýar. Iki aýyň dowamynda olar gibrid görnüşde okuw geçirerler: sapaklar oflaýn we onlaýn görnüşde berilýär. Halkara hünärmenler öz tejribelerini ýerli halypalar bilen paýlaşarlar, olar hem öz gezeginde tälimçiler bilen jübütde işlärler.

Bu maksatnama Ýewraziýa işewürlik we telekeçilik mekdebi tarapyndan amala aşyrylýar. Taslama zenan telekeçilere täze iş mümkinçiliklerine we bilimlere ýol açar, işewür toparlarynyň beýleki wekilleri bilen tejribe alyşmaga we degişli teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026