Habarlar

“Türkmentel-2024”-de banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy“Türkmentel-2024”-de banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy

“Türkmentel-2024”-de banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmentel-2024 Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. IT-senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň arasynda Colvir Software Solutions kompaniýasynyň stendi hem bardy. IT-tehnologiýa, kommunikasiýa enjamlary we aragatnaşyk pudagynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde kompaniýa banking, poçta işiniň, elektron hökümetiniň awtomatizasiýasy üçin çözgütleri we QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.