HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada kiçi we orta telekeçilik üçin ses EA tiz birikdirme guraly döredildi

Noýabr 13, 2024 | 15:49 |7078
Russiýada kiçi we orta telekeçilik kompaniýalaryň ses kömekçileriniň tiz we neijeli birikdirmesi üçin “SmartDialogs” guraly döredildi.Russiýada kiçi we orta telekeçilik kompaniýalaryň ses kömekçileriniň tiz we neijeli birikdirmesi üçin “SmartDialogs” guraly döredildi.
Çeşme: 3dnews.ru

Russiýada kiçi we orta telekeçilik kompaniýalaryň ses kömekçileriniň tiz we neijeli birikdirmesi üçin “SmartDialogs” guraly döredildi.

Işläp taýýarlama düzümine “FROMTEK” we “SMARTDIALOGS” kompaniýalary girýän Fromtech kompaniýalar toparyna degişlidir.

Islendik pudagyň we islendik ululykdaky – hususy telekeçilerden kiçi kärhanalara çenli – işewürlige ses kömekçisini tiz birikdirip, SmartDialogs müşderiler bilen özara gatnaşygy awtomatlaşdyrmaga ýardam edip, kommunikasiýalary aňsatlaşdyrýar we amal çykdajylaryny azaldýar.

Platforma Russiýanyň kompaniýalary tarapyndan dürli pudaklarda eýýäm barlag geçirilen ses robotlarynyň taýyn nusgalaryny hödürleýär.

Platformanyň interfeýsi düşnükli we artykmaç bölekler bilen ýüklenilmedikdir. Bu, hatda taýýar bolmadyk ulanyjylaryň hem boty aňsatlyk bilen düzüp bilmekleri üçin edildi. Platforma birnäçe nyrh meýilnamalaryny, şol sanda şol bir wagtyň özünde robotyň bir nusgasyny ulanmaga mümkinçilik berýän iň kiçi baza ýazylşygy hödürleýär. Giňeldilen nyrh meýilnamalarynyň arasynda – tehniki goldaw we döredilýän robotlaryň çäklndirilmedik sany. Şeýle hem, roboty diktoryň sesi bilen seslendirmäge mümkinçiligi bar.

Fromtech kompaniýasynyň tehniki direktory Aleksandr Sepelewiň aýtmagyna görä, geljekde täze meýilnamalary goşmak göz öňünde tutulýar. Ulanyjylar, öz gezeginde, geljekde çözgütler marketpleýsine goşuljak täze nusgalary işläp taýýarlamak üçin haýyşnamalary ugradyp bilerler. Şeýle hem, generatiw emeli aň tehnologiýalary binýadynda kömekçileriň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Olaryň kömegi bilen nusgalary ulanmazdan ses robotlaryny döretmek mümkin bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026