HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde ilkinji uzaldylýan displeý görkezildi – ol 50 % çenli ulalyp bilýär

Noýabr 11, 2024 | 13:30 |7969
LG Display günorta koreý kompaniýasy dünýäde ilkinji hakykatdan hem uzaldylýan displeýiň görnüşini hödürlediler.LG Display günorta koreý kompaniýasy dünýäde ilkinji hakykatdan hem uzaldylýan displeýiň görnüşini hödürlediler.
Çeşme: ixbt.com

LG Display günorta koreý kompaniýasy dünýäde ilkinji hakykatdan hem uzaldylýan displeýiň görnüşini hödürlediler. Ol şekiliň hiline zyýan ýetirmezden 50 % çenli giňelip bilýär. Bu bolsa senagatda iň ýokary görkezijidir.

Tanyşdyrylyş dabarasy uzaldylýan displeýleri öndürmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan senagat wekilleri, alymlar we barlagçylar bilen duşuşygyň dowamynda geçirildi.

Täze görnüş 18 duýme çenli giňeldip bolýan 12 duýmlik ekran bilen enjamlaşdyrylan. Şol bir wagtyň özünde, bir duýme 100 piksellik ýokary giňeldilme we RGB doly reňk mümkinçiligi saklanyp galýar.

Kompaniýa tarapyndan 2022-nji ýylda hödürlenilen birinji görnüş bilen deňeşdirilende, täze paneliň iň ýokary uzaldylma görkezijisi iki esse artdyryldy – 20 %-den 50 %-e çenli.

Munuň üçin topar adaty ýagdaýda kontakt linzada ulanylýan ýörite kremniý substrat materialyny ulandy.

Şeýle-de täze panel berkligi bilen tapawutlanýar. Ol 10 müň gezek köpsanly uzaldylmalara çydamlydyr. Mundan başga-da, displeýde bary-ýogy 40 mikrometr ölçegdäki micro-LED ýagtylyk çeşmesi ulanylýar. Bu bolsa iň ýokary gyzgynlyk ýa-da daşky urgy ýaly agyr şertlerde hem şekil hiliniň durnuklylygyny üpjün edýär.

Özboluşly uzaldymasyndan başga-da bu inçe we ýeňil displeýler egin-eşik ýa-da deri ýaly egri üstlere ýelmeşip bilýäler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026