

Türkmenistanyň futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023-de Täjigistana ýeňildi
Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Täjigistan toparyndan utuldy. Duşenbe şäherinde geçen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.


Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Täjigistan toparyndan utuldy. Duşenbe şäherinde geçen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.


Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumy garyşyk söweş sungaty MMA-nyň «Draka» wersiýasy, şeýle hem ähliumumy söweş, el-aýak söweşi, hindileriň toparlaýyn oýunlary kabaddi we hapkido boýunça şäheriň ilkinji açyk çempionatyny kabul etdi- diýip, «Neýtralny Turkmenistan» gazeti ýazýar.


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylary halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler.


Öňümizdäki 2024-nji ýylda Fransiýada tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Ýurduň Prezidenti Immanuel Makron oňa geljek myhmanlary nusgalyk derejede garşylamak boýunça ýörite döwlet resminamasynyň işlenip taýýarlanjakdygyny mälim etdi.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň II oýunlaryna 150-den gowrak lukmançylyk işgärleri hyzmat eder. Bu barada Belarus Respublikasynyň Olimpiýa komiteti habar berýär.


Daşkentde, küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 17-nji Aziýa çempionaty penşenbe güni, 20-nji iýulda tamamlandy. Bu gün, ýaş türgenler tutuş oýun üçin 3 minut wagt gözegçiligi we her hereketi üçin 2 sekunt goşmak bilen blits ýaryşyna gatnaşdylar. Küştiň bu görnüşi, oýun wagtynda çalt we hatda ýyldyrym çaltlygy bilen karar bermegi talap edýär.


Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Aziýanyň 17-nji çempionatynda ýaş türkmen küştçüleri ildeşlerimizi täze ýeňişleri – kümüş we bürünç medallary bilen begendirdiler.


2024-nji ýylda Parižde boljak Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň doly dowam edişi ýaly, gurnaýjylar ýaryşlaryň ykdysady ösüşe, deňsizligiň azaldylmagyna we iş üpjünçiligine ýardam etmek mümkinçiligini peýdalanmak üçin ähli tagallalary edýärler.


Türkmenistanyň milli karate-do topary 18-23-nji iýulda Malaýziýanyň Melaka şäherinde geçiriljek 19-njy Aziýa çempionatynda çykyş eder. Erkekler toparyna Dawud Nazmyradow, Maksat Dologeldiýew, Didar Babaýew, Baýry Baýryýew, Süleýman Garlyýew, Arzuw Seýtgulýew girdi. Aýal-gyzlar kategoriýasynda Aýgül Esenowa, Ogulsuraý Täçdurdyýewa we Selbi Rozybaýewa Türkmenistana wekilçilik ederler.


Türkmen türgenleri 13-nji iýuldan 16-njy iýul aralygynda Astanada (Gazagystan) geçen guşakly göreş boýunça dünýä birinjiliginde üçünji umumytopar ýerini eýelediler. Ýaryşlara 30 ýurduň pälwanlary gatnaşdylar.


Daşkende, 15-nji we 16-njy iýulda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda 17-nji Aziýa küşt çempionatynda klassiki wagt düzgünleri bilen ýaryşlaryň ilkinji dört tapgyry geçirildi.


Mekdep okuwçylarynyň arasynda 17-nji Aziýa küşt çempionaty 14-nji iýulda Daşkende çalt ýaryş bilen başlandy. Bäsleşigiň ilkinji gününde 17 ýaşa çenli kategoriýadaky çempionlyga gatnaşan türkmenler Läle Şöhradowa we Amanmuhammet Hommadow degişlilikde kümüş we bürünç medallara eýe boldular.


Olimpiýa oýunlarynyň dünýä hyzmatdaşy Airbnb, ýaşaýyş jaýlaryny kärendesine ýerleşdirmegiň we gözlemegiň onlaýn-platformasy janköýerlere Pýer de Kuberteniň, häzirki zaman olimpiýa hereketini esaslandyrjynyň çagalygynyň geçen öýünde galmak mümkinçiligini hödürleýär.


Türkmenistanyň tennis Federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow Londonda saparda bolýar, ol ýerde iň gadymy we abraýly tennis ýaryşlarynyň biri – Uimbldon (Wimbledon-2023) geçýär. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň tennis Federasiýasynda habar berdiler.


30-njy iýundan 10-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Issyk-Köl kölüniň kenarýakasyndaky Korumdu obasynda 6-18 ýaş aralygyndaky küştçüleriň arasynda Günbatar Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşlar küştüň üç görnüşi: nusgawy wagt gözegçilik düzgünleri, rapid (çalt oýnalýan küşt) we blis (ýyldyrym çaltlygynda küşt) boýunça geçirildi. Çempionata 9 ýurtdan jemi 300-e golaý türgen gatnaşdy.