

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen dzýudoçylary iki bürünç medal gazandy
Türkmen dzýudoçylary 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda iki bürünç medal gazandy.


Türkmen dzýudoçylary 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda iki bürünç medal gazandy.


Türkmenistanyň türgenleri Belarusyň paýtagtyndaky Minsk Arenada geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Baýdak göteriji bolmak mertebesi dünýä çempionaty-2017 we Aziýa çempiony – 2023-iň bürünç medal gazan erkin göreşçisi Zyýamuhammet Saparowyň paýyna düşdi.


Türkmen agyr atletikaçysy Ali Babamyradow 4-nji awgustda Belarusda başlanan GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen milli ýygyndysy üçin ýene bir kümüş medal gazandy.


Agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa GDA ýurtlarynyň oýunlarynda medal gazanan Türkmenistanyň taryhynda ilkinji wekil boldy.


Lionel Messiniň Dünýä kubogyny öpýän haýran galdyryjy suraty ýylyň iň gowy sport suraty diýlip ykrar edildi diýip, Match TV habar berýär.


30 sany türkmen göreşçileri, şolaryň hatarynda 16 sany zenan we 14 sany erkek türgen öňdäki boljak sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin 2-25-nji awgust aralygynda türgenleşik ýygnanşygyny geçirerler. Gürrüň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hytaýda geçjek Aziýa oýunlary hem-de Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Kuraş boýunça Dünýä çempionaty barada barýar.


Bu biziň watandaşymyzyň, GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň gatnaşyjysy, ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzasy Ezizmuhammet Sähedowyň belorus topragynda aýdan ilkinji sözleri.


Türkmen dzýudoçylary Daşkentde (Özbegistan) tamamlanan kursantlaryň we ýaşlaryň arasynda açyk Aziýa kubogynda dört – bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar.


Türkmenistanyň 110 türgenden ybarat bolan sport wekiliýeti 4-14-nji awgust aralygynda Belarusda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň II Oýunlaryna gatnaşar.


Aşgabatda FIFA-nyň Malaýziýaly tälimçisi Mohamad Rodzaliniň ýolbaşçylygynda türkmen futbol eminleri üçin okuw seminarlarynyň başlandygyny aýtdy diýip, ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Türkmen wekiliýeti Daşkentde 31-nji iýuldan 7-nji awgust aralygynda boljak taryhda ilkinji Aziýanyň ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşar. Onuň guramaçylary bolup Aziýanyň Olimpiýa geňeşi şaýbaly hokkeýiň Halkara federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş ederler.


Türkmenistanyň milli futzal topary CAFA FUTSAL CUP-2023-iň dördünji tapgyrynda Gyrgyzystany ýeňdi. Duşenbe şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.


Hytaýyň Çendu şäherinde 31-nji Bütindünýä tomusky uniwersiada badalga berildi. Ol dünýäniň dürli döwletlerinden köp sanly talyp türgenleri jemledi diýip, “China daily” habar berýär.


Belarus Respublikasy şu ýylyň 4 – 14-nji awgusty aralygynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryň II oýunlaryna taýýarlyk görýär. Ýurduň Gomel şäherindäki kärhanalar oýunlara bagyşlanan brend önümlerini öndürýärler diýip, “BelTA” habarlara agentligi mälim edýär.


«Ahal» futbol kluby ilkinji oýny möwsümden daşary türgenleşik lagerinde Kartepede (Türkiýe) geçirdi. Saud Arabystanyndan «Al- Adal» bilen geçirilen duşuşyk 2:2 deňlikde tamamlandy.