

Türkmen taekwondoçylary Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşynda 34 medal gazandylar
Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Taekwondo boýunça halkara ýaryşynda (ITF) 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular.


Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Taekwondo boýunça halkara ýaryşynda (ITF) 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular.


Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Ermenistanyň Sahkadzor şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçer.


Bu oýunlar 10 - 16-njy mart aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.


Aşgabat şäherinde ýene-de bir ýarym aýdan, ýagny 15-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berler. Hokkeý ýaryşlary paýtagtyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 20-nji aprele çenli geçiriler.


Ukrainanyň Harkow şäherinde garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça oblast birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. 19 – 40 ýaş aralygyndaky türgenleriň gatnaşan ýaryşynda 93 kilogram agram derejesinde Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmenistanly talyp Babageldi Halimow birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.


Bilermenler Russiýada 2024-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 3-nji marty aralygynda geçirilýän çärä şeýle baha berdiler. Dünýä sportynyň taryhynda ilkinji gezek Kazanda «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly halkara sport ýaryşy geçirilýär. Täze görnüşli oýunlar Eýrandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemledi. Ýaryşa 107 ýurda wekilçilik edýän 277 topardan jemi 2000-den gowrak türgen gatnaşýar.


Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynyň binasynda Gazagystanyň “JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Bakytžan Turlybekow bilen duşuşyk geçirildi.


Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň oýunlary 26-njy fewralda tamamlandy. Ýylyň iň abraýly bäsleşikleriniň biri bolan bu çempionatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň №2112 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysym esger Allaýar Şirliýew (FIDE/ Elo reýtingi – 2111) ýeňiji boldy.


Türkmenistanly dzýudoçylar Polşanyň paýtagty Warşawada tamamlanan «Warsaw European Open 2024» atly açyk halkara ýaryşynda 1 altyn we 1 bürünç medal gazandylar.


Tatarstanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegiň oýunlary» köpugurly sport ýaryşy her ýylda geçirilýän çärä öwrülip biler. Degişli karar barada bäsleşigiň ýolbaşçysy Igor Stolýarow habar berdi.


Programma üpjünçiligi ýokary sport ligalaryndan oýunlaryň netijelerini, toparyň statistikasyny, goýulýan goýumlaryň tapawudyny we başga zatlary barlamak üçin amatly platforma hyzmatyny üpjün edýär.


Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 14 talybyndan we 1 mugallymyndan ybarat Türkmenistanyň topary şu gün badalga alýan “Geljegiň oýunlary” atly sport çärelerine gatnaşmak üçin Kazan şäherine geldiler.


Türkmenistanyň çempiony, “Arkadag” futbol topary Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Pari NN” toparyny 1:2 hasabynda ýeňdi.


18-nji fewralda badalga berilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň maksady futbol toparyny Türkmenistanyň öňde boljak çempionatyna düýpli taýýarlamakdan ybaratdyr.


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew we Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäherinde geçirilýän “Emiriň gylyjy” atly konkur sporty boýunça 13-nji çempionatyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.