HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilkinji gezek kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary 2025-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler

Iýul 15, 2024 | 16:12 |9031
2025-nji ýylda Saud Arabystanynda taryhda ilkinji gezek kibersport boýunça  Olimpiýa oýunlary geçiriler.2025-nji ýylda Saud Arabystanynda taryhda ilkinji gezek kibersport boýunça  Olimpiýa oýunlary geçiriler.
Çeşme: uniindia.com

2025-nji ýylda Saud Arabystanynda taryhda ilkinji gezek kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary geçiriler.

Elektron sport oýunlarynyň geçirilmegi Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) we Saud Arabystanynyň Olimpiýa we paralimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen şertnama esasynda göz öňünde tutulýar. Bu şertnama 12 ýyl üçin niýetlenendir we munuň özi Saud Arabystanynyň ählumumy kibersport merkezi hökmünde öňdebaryjy ornunyň tassyklamasydyr.

Saud Arabystany ozal Er-Riýadda Bütündünýä kibersport federasiýasy (Global Esports Federation) bilen bilelikde gurnap dünýä çempionatyny geçiripdi. Ilkinji kibersport boýunça Olimpiýa oýunlarynyň takyk geçiriljek şäheri, dersleriň sanawy we hünär derejesiniň ýörelgeleri entek kesgitlenmedi.

Şeýle-de bolsa, bu gezek Halkara Olimpiýa Komiteti bu maksatnama Rocket League, Street Fighter we League of Legends ýaly meşhur elektron sport derslerini goşmak mümkinçiligi barada gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Elektron sporty boýunça oýunlaryny geçirmek başlangyjy Saud Arabystanynyň Mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda degişlidir.

Kibersport boýunça Olimpiýa oýunýalry her iki ýyldan bir gezek geçirmek meýilleşdirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Günorta Koreýa indiki ýaryşlary geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026