HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekilleri Astrahanda geçiriljek “Hazar oýunlarynda” çykyş ederler

Iýul 26, 2024 | 15:30 |9013
Astrahanda 8-nji oktýabrda açyljak “Hazar oýunlaryna” taýýarlyk görülýär. Bu barada Astrahan sebitiniň degişli edarasynyň portalynyň web sahypasynda habar berilýär.Astrahanda 8-nji oktýabrda açyljak “Hazar oýunlaryna” taýýarlyk görülýär. Bu barada Astrahan sebitiniň degişli edarasynyň portalynyň web sahypasynda habar berilýär.
Çeşme: astrobl.ru

Astrahanda 8-nji oktýabrda açyljak “Hazar oýunlaryna” taýýarlyk görülýär. Bu barada Astrahan sebitiniň degişli edarasynyň portalynyň web sahypasynda habar berilýär.

Oýunlar Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Eýrandan we Russiýadan gelen talyplary birleşdirer, olaryň ýokary okuw mekdepleri Hazarýaka ýurtlarynyň ylmy-gözleg merkezleriniň we uniwersitetleriniň assosiýasynyň agzalarydyr.

Bäsleşikde Türkmenistana Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary wekilçilik eder.

Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar sportuň on görnüşi: ýeňil atletika, küşt, şaşka, futbol, fijital-futbol, sambo, suwda ýüzmek, woleýbol, basketbol we fitital-basketbol boýunça öz başarnyklaryny görkezerler.

Oýunlaryň çäginde wekiliýet agzalary üçin medeni, bilim, sport we güýmenje maksatnamasy, şeýle hem Astrahan Kremline we ýerli taryhy muzeýine toparlaýyn gezelenç guralar.

Wolga derýasynyň kenarynda “Rus öýi” açmagy meýilleşdirýärler, bu halk toparlarynyň konsertleriniň geçiriljek, balalaýka we çemçede saz çalmagy öwrenmek hem-de rus aşhanasynyň tagamlary bilen tanyşmak üçin ýere öwrüler.

Astrahan sebitiniň bedenterbiýe we sport ministri Nina Iwaşkinanyň sözlerine görä, şu güne çenli bu halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin 900 türgen ýüz tutdy.

“Hazar oýunlary” sebitara, bütin rus we halkara bedenterbiýe hem-de Russiýanyň Sport ministrliginiň sport çäreleriniň bitewi senenamasynyň meýilnamasyna girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026