Habarlar

Stambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylarStambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylar

Stambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylar

Türkiýäniň prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýa müdirliginiň neşirýat we teleradioýaýlymlar bölüminiň baştutany, TRT telekanalynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Oguz Göksu Stambulda türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumynda çykyş etmek bilen, türki dilli ýurtlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýa babatynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmany ösdürmäge çagyrdy.

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt

“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline” kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.

Türkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärlerTürkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Türkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde lukmançylyk işgärleri üçin ilatyň COVID-19 garşy sanjyma bolan ynamyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça seminar geçirdi. Ýewropanyň immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilen çäräniň bilelikdäki guraýjylary bolup BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistandaky Ýewropa Birleşiginiň wekilhanalary çykyş etdiler.

OGT 2023 gatnaşyjylary Gelejegiň muzeýine baryp gördüler: wagt maşyny ýa-da XXI asyryň Nuh gämisi?OGT 2023 gatnaşyjylary Gelejegiň muzeýine baryp gördüler: wagt maşyny ýa-da XXI asyryň Nuh gämisi?

OGT 2023 gatnaşyjylary Gelejegiň muzeýine baryp gördüler: wagt maşyny ýa-da XXI asyryň Nuh gämisi?

Geljege «wagt maşynynda» syýahat etmek üçin – BAE-nyň Dubaýda ýygnanan Türkmenistanyň Energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň wekillerine şeýle mümkinçilik berildi. Futuristik wirtual gezelenç, çarşenbe güni, 26-njy aprelde Hyatt Regency Creek Heights-de başlajak ertiriň energetikasy barada çekişmeleriň reňkli başlangyjy boldy.

Russiýanyň Bilim ministrligi we MDU GDA ýurtlarynda pedagogika boýunça maslahatlary geçirerlerRussiýanyň Bilim ministrligi we MDU GDA ýurtlarynda pedagogika boýunça maslahatlary geçirerler

Russiýanyň Bilim ministrligi we MDU GDA ýurtlarynda pedagogika boýunça maslahatlary geçirerler

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Bilim ministrligine we M.W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetine 2023-nji ýylda GDA ýurtlarynda talyplaryň ylmy-barlag işleriniň bäsleşiklerini we Konstantin Uşinskiniň pedagodika ylymlary we terbiýe bermegiň sungaty baradaky pikirlerine bagyşlanan maslahatlary geçirmekligi tabşyrdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Sanly detoksikasiýa üçin dünýäniň iň gowy 10 şäheri - şeýle reýting hem barSanly detoksikasiýa üçin dünýäniň iň gowy 10 şäheri - şeýle reýting hem bar

Sanly detoksikasiýa üçin dünýäniň iň gowy 10 şäheri - şeýle reýting hem bar

Häzirki zaman dünýäsinde köp adam, smartfonlara, gadžetlere we sosial mediýa baglylygy sebäpli stres, ýalňyzlyk, sosial ukyplaryň pesligi, alada we depressiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu endikden dynmak üçin psihologlar elektron enjamlaryny we sosial ulgamlary ulanmagy meýilleşdirmegi we özleri bilen gyzyklanmak we hakyky dünýäde aragatnaşyk saklamak üçin wagt sarp etmegi maslahat berýärler.