Habarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 20-nji martdan Londona we Pekine gatnawlary täzeden dikeldýär“Türkmenistan” awiakompaniýasy 20-nji martdan Londona we Pekine gatnawlary täzeden dikeldýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 20-nji martdan Londona we Pekine gatnawlary täzeden dikeldýär

2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip, Aşgabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berildi.

Aşgabatda ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-iňlis geňeşmeleri geçirildiAşgabatda ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-iňlis geňeşmeleri geçirildi

Aşgabatda ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-iňlis geňeşmeleri geçirildi

22-23-nji fewral aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Angliýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji "Gurluşlaýyn dialog" geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet-sahypasynda çap edilen press-relize görä, gepleşiklerde iňlis delegasiýasyna Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makenzi Smit ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistan we Ermenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdyrlarTürkmenistan we Ermenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdyrlar

Türkmenistan we Ermenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdyrlar

Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport boýunça täze bellenen ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.