Habarlar

Türkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdyTürkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili Mihail Minenkow "CAYLA - Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy" sebitara okuw meýilnamasyna gatnaşdy. Bu okuwlar 28-nji maýdan 4-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi we Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ekologiýa we tebigaty goramak pudagyndaky bilermenleri ýygnady.

Naberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açarNaberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açar

Naberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açar

Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan dolandyrylýan Türkmenistanda rus dilini öwretme we rus dilinde açyk bilim merkezi şu güýzde türkmen paýtagtynda açylar. Bu ÝOM 2009-njy ýyldan bäri türkmen bilim ulgamy üçin mugallymlary taýýarlaýan bilim ojagy bolup durýar, uniwersitetiň 1000-den gowrak uçurymy diplomlaryny tassykladyp, Türkmenistanyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler.

National Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýarNational Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýar

National Geographic Qazaqstan ekspedisiýasy «Marsian peýzažlary» surat taslamasyny taýýarlaýar

«National Geographic Qazaqstan» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Aktau şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan «Marsian peýzažlary» ekspedisiýasy Mangystau welaýatynda syýahatçylygyň ösüşini görkezmek üçin surat materiallaryny taýýarlar. Suratlar sebitiň aýratyn tebigaty we täsin landşafty barada gürrüň berer diýip, «Gazagystanskaýa Prawda» neşiri habar berýär.

Türkmenistan Daşkentde medeni mirasy goramagy güýçlendirmek boýunça sebitleýin okuwlara gatnaşýarTürkmenistan Daşkentde medeni mirasy goramagy güýçlendirmek boýunça sebitleýin okuwlara gatnaşýar

Türkmenistan Daşkentde medeni mirasy goramagy güýçlendirmek boýunça sebitleýin okuwlara gatnaşýar

Daşkentde ÝUNESKO tarapyndan Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky medeni ýadygärlikleri goramagy güýçlendirmek boýunça sebitleýin seminar geçirilýär. Hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynyň bu ugurda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Pakistanyň degişli gurluşlarynyň işgärleri, şeýle hem Ýewropada ýaşaýan owgan hünärmenleri gatnaşýarlar - diýip, Özbegistanyň Medeni miras agentligi habar berýär.