Habarlar

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdiGyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

GDA-nyň ýaşlar paýtagty 2024-nji ýylda Daşkent, 2025-nji ýylda Gabala, 2026-njy ýylda bolsa Kapan bolarGDA-nyň ýaşlar paýtagty 2024-nji ýylda Daşkent, 2025-nji ýylda Gabala, 2026-njy ýylda bolsa Kapan bolar

GDA-nyň ýaşlar paýtagty 2024-nji ýylda Daşkent, 2025-nji ýylda Gabala, 2026-njy ýylda bolsa Kapan bolar

Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Hökümet baştutanlary geňeşiniň penşenbe güni Soçide geçirilen mejlisinde geljek üç ýyl üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagtlary tassyklandy. 2024-nji ýylda Daşkent (Özbegistan), 2025-nji ýylda Gabala (Azerbaýjan) we 2026-njy ýylda Kapan (Ermenistan) GDA-nyň ýaşlar paýtagty bolar – diýip, Arkalaşygyň Ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Reňkli türkmen halylary, täze model Lada Aura, gün we ýadro desgalary - Soçide «Ýewraziýa – biziň öýümiz» Sergisi açyldyReňkli türkmen halylary, täze model Lada Aura, gün we ýadro desgalary - Soçide «Ýewraziýa – biziň öýümiz» Sergisi açyldy

Reňkli türkmen halylary, täze model Lada Aura, gün we ýadro desgalary - Soçide «Ýewraziýa – biziň öýümiz» Sergisi açyldy

Soçidäki «Sirius» ylym we sungat seýilgähiniň çäginde «Ýewraziýa –biziň öýümiz» sergisi açyldy. Ol, 7-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda federal çäklerde geçiriljek Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine bagyşlanýar. GDA ýurtlarynyň we EAEU-nyň wekilleri ýedi müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän sergä baryp gördüler diýip, «Mir 24» habar berýär.