

Gazagystanda giriş nokatlarynda ulaglary çekmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam işe girizildi
Astana şäherinde girelgelerde ulaglary çekmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam işe girizildi. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara agentligi habar berýär.


Astana şäherinde girelgelerde ulaglary çekmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam işe girizildi. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara agentligi habar berýär.


Bu ýyl W.N Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti 38 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, gelen talyplara gapylaryny açdy. Bu barada Astrahan sebitiniň hökümet edaralarynyň portaly habar berdi.


Russiýanyň Döwlet Dumasy çagalar üçin SIM-kartany döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada dowam edýän Gündogar ykdysady forumynda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Maşgalany goramak komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Tatýana Butskaýa žurnalistlere aýtdy.


4-nji sentýabrda çarşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirdi.


U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada Uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp TASS habarlar agentligi habar berýär.


3-nji sentýabrda geçirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça webinaryň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (BHSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (DGM) wekilleri adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Ýewropa komissiýasy Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml suwuklyk ölçegiň ikilenç çägini girizýärler.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi. Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.


28-29-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen Çaga hukuklarynyň Komitetiniň 97-njy sessiýasyna gatnaşyp, kanun çykaryjy özgerişler, çagalaryň goraglylygy, saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ugurlar boýunça giňişleýin hasabatyny berdi.


1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyşy geçirildi.


1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


Mary welaýatynyň “Türkmengaz” Döwlet konserniniň gazyp alyş müdirliginiň garamagyndaky “Şatlyk” şypahanasy eýýäm 40 ýyldan gowrak Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli sagaldyş hyzmatlaryny hödürleýär.


Ýokary we orta-hünär okuw mekdepleri boýunça bilim ministriniň orunsary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan federal uniwersitetine baryp gördi.