HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin “E-mekdep” umumy meýdançasy işe girizildi

Sentýabr 02, 2024 | 05:30 |16311
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi.  Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi.  Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi okuwçy gündeliginiň sanly görnüşi bolan “E-mekdep” hyzmatyny işe girizdi (“Elektron mekdep”). Hyzmat meýdançasy okuwçynyň ýetişigi, sapaklara gatnaşygy, sapagyň meýilnamasy, öwrenilýän mowzuklar, öý işler, mugallymyň bellikleri barada onlaýn maglumatary hödürleýär.

Mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin umumy meýdançasy hepdede 7 günüň, 24 sagadyň dowamynda işläp, onlaýn görnüşde “E-mekdep” ykjam gollanma arkaly sms habarlar ýa-da bildiriş görnüşinde okuw prossesini yzarlamaga, oňa gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik guramaga, mugallymlar barada maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilişi ýaly, “E-mekdep” meýdançasy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrylyp, ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ony ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar.

Munuň ýaly hyzmatlar dünýäniň köp ýurtlarynda ýaýran, emma işläp taýýarlaýjylaryň aýtmayna görä, onuň türkmen görnüşi daşary ýurt görnüşlerinden tapawutlylykda okuwçynyň şahsy ösüşi baradaky derňew moduline eýedir.

“E-mekdep” meýdançasynyň ornaşdyrylmagy 2021-nji ýyldan başlap, şol döwürden bäri ol umumy bilim berýän mekdepleriniň birnäçesinde derňewden geçirilip, dolulugyna işlenildi. Täze okuw ýylyndan başlap bu ulgamyň dolulygyna işe girizilmegi ýurdumyzda mekdep biliminiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösmegine itergi berer.

Häzirki wagtda “E-mekdep” ulgamy dolulygyna işleýär, onuň ykjam gollanmasyny Google Play ýa-da Appstore arkaly ýükläp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026