HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Karaçaýewo-Çerkesskiň uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi

Sentýabr 04, 2024 | 23:10 |10290
U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada Uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp TASS habarlar agentligi habar berýär.U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada Uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp TASS habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: kchgu.ru

U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada Uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp TASS habarlar agentligi habar berýär.

“Biziň ýokary okuw mekdebimizde köpsanly türkmenistanly talyplar okaýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylynda biz daşary ýurtly talyplar üçin beýik şahyryň adyny göterýän talyp haklaryny girizdik” – diýip, T.Uzdenow agentlige habar berdi.

Uzdenow 10 müň rubl möçberindäki her aý boýunça tölenilýän talyp hakynyň okuwynda gowy ýetişýän hem-de jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan iň ökde daşary ýurtly talyplara beriljekdigi barada belledi. Ilkinji şahadatnamalar tebigy geografiýa fakultetiniň magistri Altyn Bekmyradowa we filologiýa institutynyň aspiranty Ogulnar Töräýewa gowşuryldy.

04092024-uchredili-stipendiyu-imeni-mahtumkuli-fragi-dlya-inostrannyh-studentov.jpeg

U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiň Döwlet uniwersitetinde her ýyl Türkmenistandan ýüzlerçe talyp ýokary bilim alýar. Olaryň köpüsi ählumumy Russiýa we halkara maslahatlarynyň gatnaşyjylary, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri, Karaçaýewo-Çerkesskiň we Russiýanyň talyp durmuşynyň işjeň agzalary. Munuň bilen birlikde türkmen ýaşlary öz halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny ýatdan çykarman, ýokary okuw mekdebinde geçirilýän çärelerde köpçüligi Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen tanyşdyrýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026