Habarlar

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň  auditoriýasynyň açylyş dabarasyGruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň  auditoriýasynyň açylyş dabarasy

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy

Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildiMaryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germainýanyň Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.