HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça gurnak açyldy

Sentýabr 01, 2024 | 23:50 |8401
1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.
Çeşme: UNICEF Turkmenistan

Şu gün, 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda UNICEF Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji mekdebinde robot tehnikasy boýunça täze gurnagy açdylar. Gurnagyň maksady – amaly bilimler arkaly ylym, tehnologiýa, inženeriýa, sungat we matematika (STEAM) boýunça desrleri öwrenip, beýleki mekdepler üçin göreldeli nusga bolmakdyr.

Döredilen robot tehnikasy boýunça gurnak sapaklar we amaly bilimleriň ösdürilmegi üçin ähli gerekli tehniki serişdeleri bilen üpjün edilip, şol bir wagtyň özünde 8-12 okuwçynyň bilelikde sapak geçmeklerine mümkinçilik berýär. Bilim ministrligi STEAM-biliminiň wajyplygyna dolulygyna düşünip, okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň höwesine laýyklykda ýurdumyzyň mekdeplerinde robot tehnikasy boýunça gurnaklary döretmek işini işjeň amala aşyrýar.

01092023-v-shkole-goroda-arkadag-otkryli-klub-robototehniki (1).jpg

UNICEF-yň habar bermegine görä, soňky ýyllarda zähmet bazarynda talap edilýän bilimleri hasaba alyp, STEAM dersleri we robot tehniksay boýunça bilim almak dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Oglanlar we gyzlar bu dersleri eýýäm 4-5 ýaşyndan öwrenip başlaýarlar. STEAM-bilimi Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde çagalara XXI asyryň talap edýän bilimlerine eýe bolmak üçin we adaty boýunça erkek adamlar üçin niýetlenen kärler diýlip hasplanylýan ylym we tehnologiýa ugurlaryna gyzlaryň köp bölegini çekmek üçin UNICEF-yň üns merkezindedir”.

“Robot tehnikasy boýunça gurnagyň açylmagy ýaşlara gelejekde zerur bolan bilimleri öwretmekde möhüm ädimdir. Okuwçylary STEAM-bilimi bilen tanyşdyryp, biz innowasion çemeleşmäni ynamly ulanyp bilýän we ertirki günüň talaplaryna jogap berip bilýän nesliň kemala gelmeginde ýardam edýäris” – diýip, Türkmenistanda UNICEF-yň wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea belledi.

01092023-v-shkole-goroda-arkadag-otkryli-klub-robototehniki (3).jpg

UNICEF bu robot tehnikasy boýunça gurnagyň açylmagy bilen innowasiýa we bilim medeniýetini ösdürmekde hem-de şahsy tertip-düzgüni we toparda işlemek ukybyny kämilleşdirýän, wagty dolandyrmak, dil bilimlerini we özüňe baha bermek ukybyny ýokarlandyrýan STEAM-bilimini ösdürmekde ýardam etmäge taýýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026