HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini ugratdy

Sentýabr 12, 2024 | 12:45 |12355
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 11-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan owgan halkyna ynsanperwer kömegi ugradyldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 11-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan owgan halkyna ynsanperwer kömegi ugradyldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 11-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan owgan halkyna ynsanperwer kömegi ugradyldy. Bu türkmen-owgan serhedinde Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji, ulag we aragatnaşyk ugurlarynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi mynasybetli sap ýürekliligiň nyşany boldy.
Ynsanperwer ýüki çaga iýmitinden, bugdaýdan, azyk we senagat harytlaryndan, karbamid, dizel ýangyjyndan, benzinden we sementden ybarat boldy.

Bu ynsanperwer çäresi ýurdumyzyň Owganystan döwletine köpýyllyk goldaw bermek boýunça tagallalarynyň dowamaty bolup, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mümkinçilik berýär.

Ynsanperwer ýüküniň geçirilmegi mynasybetli dabara ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem-de owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdy.

“Türkmenistanyň mundan beýläk hem goňşy ýurda hemmetaraplaýyn, esasan hem, halkara arenasynda ykdysady we syýasy-diplomatik goldawyny bermegi dowam etdirjekdiginde owgan doganlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy ynandyrasym gelýär” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-aragatnaşyk we logistika infrastrukturasynyň desgalarynyň açylyş we düýbi tutulyş dabarasyndaky eden çykyşynda belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026