HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy

Sentýabr 12, 2024 | 02:55 |10440
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy.

12022024-v-tbilisi-otkryli-auditoriyu-mahtumkuli (1).JPG

Çärä Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugry häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda dünýäde medeni gepleşikleriň orny we ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we aç-açanlyk esasynda gurnalýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.

12022024-v-tbilisi-otkryli-auditoriyu-mahtumkuli (2).JPG

Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzat bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler. Onuň onlarça dillere terjime edilen şygyry, dünýädäki millionlarça okyjylaryň ýüreklerine ýaň salýar.

12022024-v-tbilisi-otkryli-auditoriyu-mahtumkuli (6).jpg

Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze, Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagy gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, şeýle hem oňyn ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

12022024-v-tbilisi-otkryli-auditoriyu-mahtumkuli (7).jpg

Çäräniň soňunda türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary ýaňlandy.

12022024-v-tbilisi-otkryli-auditoriyu-mahtumkuli (4).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026