

Türkmen parlamentarileri Bişkekdäki Merkezi Aziýa zenanlar forumyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlar diologynyň forumyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlar diologynyň forumyna gatnaşdy.


Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala 3-4-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapary wagtynda Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyryjy ulgamyny işe girizmek bilen baglanyşykly ýokary derejeli çärä gatnaşdy.


2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.


Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz diline terjime edildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde 3-nji oktýabrda “Gündogar şygyryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly maslahatyň çäginde geçirildi. Çärä Gyrgyzystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi N.Golliýew gatnaşdy.


3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigeru Isiba wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.


Änjali Kaur, USAID-iň Aziýa buýrosy boýunça administratoryň orunbasarynyň kömekçisi (DAA), Merkezi Aziýa boýunça sebit saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana bardy. DAA Kaur we ilçi Rud, Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy wekilleri bilen, şol sanda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmengaz we Türkmennebit bilen duşuşdy


1-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Özbegistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy Respublikanyň Oliý Mejlisiniň kanunçylyk palatasynda geçiriljek deputatlaryň saýlawlary barada brifing gurnady.


Aşgabatda Hidistan Respublikasynyñ Ilcihanasy 2-nji oktýabrda Mahatma Gandiniñ doglan gününiñ 155 ýyllygy mynasybetli çäre geçirýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.


Anjali Kaur resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi, bu ABŞ-nyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we umumy ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky borçnamasyny görkezýär. Gelmegi baradaky maglumatlar USAID/Merkezi Aziýa Facebook sahypasynda çap edildi.


Gyrgyzystanda daşary ýurt raýatlygyna hem-de “Meken-kartyna” eýe bolan raýatlar we daşary ýurt talyplar üçin hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşyny girizmek meýilleşdirilýär.


27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli agşam, moskwalylar we Russiýanyň paýtagty myhmanlary baýramçylyk yşyklandyrylyşyna tomaşa etdiler – Täze Arbatdaky belent binalar Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy.