HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sagdyn we tertipli çagalary nädip ýetişdirmeli: hünärmeniñ maslahatlary

Ýanwar 06, 2025 | 17:05 |7588
Her bir ata-ene öz çagasynyñ şadyýan, sagdyn we maksada okgunly bolmagyny görmek isleýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniñ bölüm müdiri Jennet Hajyýewanyñ "Нейтральный Туркменистан" gazetindäki makalasynda belleýşi ýaly, şeýle häsiýetleriñ terbiýelenmegi maşgaladan başlanýar.Her bir ata-ene öz çagasynyñ şadyýan, sagdyn we maksada okgunly bolmagyny görmek isleýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniñ bölüm müdiri Jennet Hajyýewanyñ "Нейтральный Туркменистан" gazetindäki makalasynda belleýşi ýaly, şeýle häsiýetleriñ terbiýelenmegi maşgaladan başlanýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Her bir ata-ene öz çagasynyñ şadyýan, sagdyn we maksada okgunly bolmagyny görmek isleýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniñ bölüm müdiri Jennet Hajyýewanyñ "Нейтральный Туркменистан" gazetindäki makalasynda belleýşi ýaly, şeýle häsiýetleriñ terbiýelenmegi maşgaladan başlanýar.

Onuñ aýtmagyna görä, oñaýly duýgy gurşawy, mähirli gatnaşyklar we çaganyñ saglygy baradaky alada onuñ sazlaşykly ösüşiniñ binýadydyr. Düzgünli iýmitlendirme hem möhüm orun tutýar. Çaga organizmi çalt ösýär, şonuñ üçin hem iýmitlendirmede deñagramlylyk saklanyp, ol ýaş zerurlyklaryna laýyk bolmalydyr.

Öýde çaga üçin gün tertibiniñ berjaý edilmegi wagtyñ dogry düzgünleşdirilmegini hem-de uky, iýmitlendirme, aragatnaşyk we oýunlar ýaly organizmiñ esasy fiziologik zerurlyklarynyñ kanagatlandyrylmagynda dogry yzygiderliligi göz öñünde tutýar. Dogry düzülen gün tertibi çaganyñ takatly we şähdaçyk bolmagyny üpjün edýär, nerw ulgamynyñ aşa ýadamagynyñ öñüni alýar, fiziki we psihiki taýdan ösüşi üçin iñ gowy şertlerini özünde jemleýär.

Maşgalada sagdyn durmuş ýörelgeleriniñ berjaý edilmegi çagalarda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn taýdan berkemäge, saglygy barada alada etmäge höwes döredýär. Bu ýerde ata-enäniñ nusgalyk görkezmegi möhümdir. Bu ýöreýiş, ylgamak, dyrmaşmak, bökmek bilen baglanyşykly esasy hereket ediş endikleriñ emele gelmegine hem-de tizlik, çalasynlyk, çeýelik we güýç ýaly aýratynlyklaryñ ösmegine ýardam berýär.

Mundan başga-da, bu maşklar çagalara owadan, dogry göwre tutuşyny saklamaga, keselleriñ öñüni alşy üpjün etmäge ýardam berer. Maşgalada sanitar-arassaçylyk kadalaryñ berjaý edilmegine, ýeterli derejede zähmet işjeñligine, çagalaryñ güýji ýetýän işlere çekilmegine, ulylaryñ alkogol içgilerine we çilim çekmäge bolan ýaramaz garaýyşlaryna ähmiýet berilmelidir.

Ata-eneler çagalara bolan talaplaryñ orta haldalygyna gözegçilik etmeli, çagalara has köp üns bermeli, umumy oýunlary guramaly, boş wagtlary bile geçirmeli, gezelenç etmeli, okamaly, surat çekmeli we ş.m. Hoşniýetli we edepli adam bolmak hem-de çagalara şeýle bolmagy öwretmek möhümdir.

"Çagalara irki ýaşlardan başlap iki uly topara birleşdirip bolýan peýdaly endikleri öwretmäge çalyşyñ.

Birinji topar şahsy arassaçylyk endiklerini öz içine alýar, ýagny diñe şahsy arassaçylyk serişdelerini ulanmak, egin-eşikleriñ we aýakgaplaryñ ýagdaýyna gözegçilik etmek, arassaçylygy berjaý etmek, nahar iýmezden öñ eliñi ýuwmak, her gün irden maşk etmek we bedeniñi berkidýän düzgünleri ýerine ýetirmek, dişlere dogry ideg bermek we beýlekiler.

Peýdaly endikleriñ ikinji topary özüñi alyp barmagyñ medeniýetine degişldir, ýagny sesiñi gataltman, hoşamaýlyk bilen haýyş etmek, ýerine ýetirilen haýyş üçin ulylara sag bolsun aýtmak, saçagyñ başynda, sapaklarda, gezelençde beýleki çagalary we ulylary bimaza etmezlik.

Çagalara salamlaşmagy we hoşlaşmagy, daşardan gelenlerinde aýaklaryny esgä süpürmeklerini öwrediñ. Çaga otagynda tertip-düzgüni saklamagy, ýagny oýnawaçlary, kitaplary we beýleki zatlary ýerbe-ýer goýmagyny öwrediñ. Şeýle-de olar köpçülikleýin ulag serişdelerinde we beýleki köpçülikleýin ýerlerde ulylara, oglanlar gyzlara ýer bermegini, şeýle hem kiçiler barada alada etmegini bilmeli.

Şu ýönekeý düzgünleri berjaý etmek bilen siz çagalaryñyzy hoşniýetli we duýgur, ýakynlary barada alada edýän, iñ esasysy, bolsa fiziki we duýgy taýdan sagdyn adamlar edip ýetişdirersiñiz" - diýip, awtor maslahat berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026