HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada EKSPO-2025 sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli ylgamak boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýanwar 06, 2025 | 15:09 |5436
2025-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Osaka şäherinde EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli 10 kilometrlik ylgamak boýunça ýaryşlaryň ikisi geçirildi.2025-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Osaka şäherinde EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli 10 kilometrlik ylgamak boýunça ýaryşlaryň ikisi geçirildi.
Çeşme: 3.nhk.or.jp

2025-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Osaka şäherinde EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň açylmagyna çenli 100 günüň galmagy mynasybetli 10 kilometrlik ylgamak boýunça ýaryşlaryň ikisi geçirildi.

Çäre Osakanyň Ýeňil atletika boýunça birleşigi we serginiň geçiriljek ýeri bolan Ýumesima adasyndaky beýleki guramalar tarapyndan guraldy.

Irden birinji ýaryş geçirilip, oňa tutuş Ýaponiýadan 1600 adam gatnaşdy. “EKSPO-2025” Ýapon birleşiginiň başlygy Masumoto Masaýosi ýaryşlary açyk diýip yglan etdi.

Gatnaşýanlaryň arasynda Naradan 43 ýaşly wekili bolup, ol serginiň resmi nyşany bolan Mýaku-Mýaku geýiminde ylgady. Masumoto bilet satuwlarynyň haýal depgini barada hem-de ýurduň dürli welaýatlarynda sergä bolan gyzyklanmalaryň tapawutlylygy barada habar berdi.

Ikinji ýaryş günortan geçirildi.

2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde açylyp, 13-nji oktýabra çenli dowam etjek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisinde 160-dan gowrak ýurt innowasiýa we tehnologiýa babatda özüniň gazananlary bilen tanyşdyrar. Geçiriljek Bütindünýä sergisiniň baş mowzugy – “Ýaşaýymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek” diýlip atlandyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026