HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýapon alymlary dişleri ösdürip ýetişdirmek üçin özboluşly derman serişdesini döretdiler

Ýanwar 07, 2025 | 11:59 |7562
Ýapon alymlary täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berýän özboluşly innowasion derman serişdesini taýýarladylar. Bu barada “Agence France-Presse” habar berýärÝapon alymlary täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berýän özboluşly innowasion derman serişdesini taýýarladylar. Bu barada “Agence France-Presse” habar berýär
Çeşme: crimea.dental

Ýapon alymlary täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berýän özboluşly innowasion derman serişdesini taýýarladylar. Bu barada “Agence France-Presse” habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, bu derman serişdesi protezlere we implantlara alternatiw serişde bolup biler. Ylmy-barlag toparynyň başlygy Kasu Takahasi, munuň dünýäniň ylmy jemgyýeti üçin düýbünden täze tehnologiýadygyny aýtdy.

1-nji sentýabrda, Kýoto uniwersitetiniň ýapon alymlary dişleriň täzelenmegi üçin bir derman serişdäniň kliniki synaglaryna başladylar diýip Kitano hassahananyň web sahypasynda habar berilýär. Olar 2025-nji ýylyň awgust aýynda tamamlanar. Hemme zat meýilnama boýunça gitse, derman serişdesi 2030-njy ýylda satuwa çykarylar. Bu ylmy-barlaga azyndan bir dişiniň köki ýok, 30 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky 30 sany erkek adam gatnaşar. Synagyň birinji tapgyry tamamlanandan soň, derman serişdesi 2-7 ýaş aralygyndaky çagalarda ýagny doglanda azyndan dört dişi ýok hassalarda synagdan geçiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026