HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisini kabul etdi

Ýanwar 08, 2025 | 02:50 |7225
Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdyPrezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Çeşme: sb.by

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny, şeýle-de ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara dialoga ygrarlylyk baradaky sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutany belarus Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusuň doly ygtyýarly wekiliniň öz wezipesini ýerine ýetirýän döwründe ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirip, Serdar Berdimuhamedow oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändikleri kanagatlanma bilen bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ylym-bilim, sport, medeniýet ulgamlaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam edýär.

Diplomat däp bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Stanislaw Çepurnoý – halkara hyzmatdaşlygy we söwda ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda işläp gelýän tejribeli diplomat. Türkmenistana ilçi wezipesine bellenmezinden ozal Belarusyň Ministrler Geňeşiniň Diwanynyň halkara hyzmatdaşlygy we söwda bölüminiň müdiri bolup işledi.

Çepurnoýyň eýýäm daşary ýurtda ilçi wezipesinde işlemekde üstünlikli tejribesi bar. 2014-nji ýylda Belarusyň Mongoliýadaky ilçisi wezipesine bellendi we ol ýerde 2021-nji ýyla çenli işledi.

Türkmenistanda täze ilçiniň bellenilmegi Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ädim hökmünde görülýär. Türkmenistan we Belarus Respublikasy adatça oba hojalygy, senagat we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026