Özbegistanda aýratyn topara degişli ýolagçylar ýylda bir gezek demir ýol ulagynda mugt gatnawy amala aşyryp bilerler


2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Özbegistanda “Demir ýol ulagy barada” täze kanun güje girizildi.
Kanuna laýyklykda, aýratyn topara degişli ýolagçylara ýylda bir gezek demir ýol ulagynda mugt gatnawa rugsat beriler.
Bu çözgüt respublikada ýolagçylara hyzmat ediş ulgamynyň gowulandyrylmagyna hem-de demir ýol ulagynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle-de, kanun telekeçilik işi üçin şertleri döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge, demir ýol ulagy we demir ýol daşalmalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Kanun täze 17 sany düşünjeleri, şol sanda “demir ýol ulagy”, “köpçülikleýin ulanyşly demir ýol ulagy”, “ygtyýarlandyrylan gurama”, “demir ýol ulagynyň ýolgaçysy”, “ýük” ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.
Kanuna “köpçülikleýin ulanyşly demir ýol ulag infrastrukturasynyň operatory” diýlen täze düşünje girizildi, operatora bolan esasy talaplar bolsa kanunyň täze aýratyn maddasynda görkezilen.
Resminama bar bolan kadalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelşine hem täzeden garaýar. Hususan-da, ol ýük daşaýjylaryň ýitgileriniň öwezini dolmak baradaky kadalara täzeden seredip, hem ýolagçylaryň, hem ýük daşaýjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
Bu kanuny durmuşa geçirmek maksady bilen döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän nyrhnamalar boýunça ýolgaçylary daşamakdan ýitgileriň öwezini dolmak üçin döwlet býujetinden 1,7 trillion sum çykarylyp berler.
«Узбекистон темир йуллари» paýdarlar jemgyýeti ony işletmäge we ösdürmäge gönükdirilen şertnamalary ýerine ýetirmek, maliýe bähbitleriň durmuşa geçirilmeginden gelýän girdejileri, önümleri, işleri we hyzmatlary hem-de beýleki iş görnüşleri almak boýunça öz üstüne alan borçnamalary bilen baglanyşykly jogapkärçiligi öz üstüne aldy.
Ministrler Kabineti ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy, hokimiýetler – ýerli döwlet häkimiýet edaralary, Ulag ministrligi we Ulag gözegçilik inspeksiýasy köpçülikleýin ulanyşly demir ýol ulagy babatda döwlet dolandyryş edaralary hökmünde kesgitlenildi.
ORIENT news








