Habarlar

Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy baradaTürkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.

Türkmenistan GDA ýurtlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerine goşulmaga çagyrdyTürkmenistan GDA ýurtlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerine goşulmaga çagyrdy

Türkmenistan GDA ýurtlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerine goşulmaga çagyrdy

22-nji ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ykdysady meseleler boýunça toparyndaky doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada” maglumatlar bilen çykyş etdi

Türkmenistanda talyp gyzlaryň arasynda gözellik we zehin bäsleşigi başlanýarTürkmenistanda talyp gyzlaryň arasynda gözellik we zehin bäsleşigi başlanýar

Türkmenistanda talyp gyzlaryň arasynda gözellik we zehin bäsleşigi başlanýar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2025» atly her ýyl geçirilýän gözellik we zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşigiň jemleri her ýyl bolşy ýaly Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemlenýär

“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi

“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi

“La Gazette de Monaco” abraýly neşiri öz makalasyny Monte-Karlodaky 47-nji Halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşynyň üstünligine bagyşlap çap etdi. Bütin dünýäniň iň gowy sirk artistleriniň ýaryşýan festiwalynda “Galkynyş” topary “Altyn masgarabaz” iň ýokary baýragyny eýeledi.