HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Monako Knyazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ýanwar 23, 2025 | 19:30 |5448
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knyazlygyna iş saparyny amala aşyryp, Şazada Alber II bilen geçiren gepleşikleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygynyň subutnamasy boldyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knyazlygyna iş saparyny amala aşyryp, Şazada Alber II bilen geçiren gepleşikleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygynyň subutnamasy boldy
Çeşme: gettyimages

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knyazlygyna iş saparyny amala aşyryp, Şazada Alber II bilen geçiren gepleşikleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygynyň subutnamasy boldy.

2015-nji ýylyň awgustynda Koreýa Respublikasynda geçirilen Bütindünýä suw forumynyň çäklerindäki iki ýurduň Liderleriniň duşuşygy Türkmenistan bilen Monako Knyazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna getiren bolsa, soňky on ýyllykda dürli ugurlarda toplanan tejribe, bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Monako Knyazlygynyň köşgünde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin mümkinçilik bolan esasy ugurlar kesgitlenildi. Bu ugurlar: işewürlik we maliýe, daşky gurşawy goramak, kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň täze ugurlarda giňeldilmegi we işjeňleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ynsanperwer ulgamda, şa zenany Greýs gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň geljegi uludygy bellenildi.

Şa zenany Greýs Kelli – öňki amerikaly kino ýyldyzy bolup, şazada Renýe III bilen durmuş gurandan soň, tutuş ömrüni üç çagasyny terbiýelemäge we halkyň abadançylygyna bagyşlady. Greýs Kelli haýyr-sahawat işlerine giňden gatnaşyp, şazadalykdaky ähli çagalar, şol sanda ýetimler üçin her ýyl baýramçylyk arçalaryny gurnamagy we hassahanalarda çäý içmek dabarasyny däbe öwürdi. Ol birnäçe haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk etdi, Bagçylyk klubyny esaslandyrdy, Monakonyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýolbaşçysy boldy we Okeanografiýa muzeýine uly goldaw berdi. Onuň döwründe kiçijik şazadalyk uly ösüşe eýe boldy we baýramçylyklar hem-de festiwallar bilen baý medeni merkez boldy.

Şazada Albert II iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň giňdigini belläp, Monakonyň täze ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrmakda ygrarlydygyny tassyklady. Gepleşiklerde taraplar Türkmenistanyň we Monako Knýazlygynyň halkara syýasatyndaky parahatçylyk dörediji we gurujy başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we ählumumy meseleleriň çözgüdine we abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bilelikde ýardam bermäge taýýarlyklaryny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026