HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID we Türkmenistanyň Mejlisi ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýanwar 23, 2025 | 19:00 |8375
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdilerABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler
Çeşme: USAID

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler.

Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisi, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hem-de ministrlikleriň wekilleri gatnaşyp, ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, onuň bilen baglanyşykly meseleleri hem-de ilata üpjün edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaklygyň strategiýalary babatynda pikir alyşdylar.

23012025-usaid-i-medzhlis-turkmenistana (3).jpg

Milli we halkara bilermenleri ýerli öz-özüňi dolandyryşyň netijeli gurluşlary barada özara pikir alşyp, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunyna berlen seljerme esasynda taýýarlanan tekliplere syn berdiler hem-de halkara hukuk standartlaryny ornaşdyrmaklygyň strategiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Tegelek Stol duşuşygynyň esasynda USAID Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, işlerini kämilleşdirmekde özgertmeleri geçirmek hem-de öňegidişlikleri gazanmak ugrunda 4 ýyllyk iş meýilnamasyny taýýarlarlar. Bu iş meýilnamasy “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek boýunça teklipleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny, meýilleşdirmegiň we maliýeleşdirmäniň strategiýalaryny öz içine alar.

23012025-usaid-i-medzhlis-turkmenistana (4).jpg

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Hökümeti we USAID-iň ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm ädim boldy.


USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurduň dolandyryş ulgamyny we kanunçylygyny kämilleşdirmekde hem-de sosial-ykdysady ösüşi gazanmakda hyzmatdaşlyk edip gelýär. USAID-iň GAT taslamasy inklýuziw dolandyryş ulgamyny öňe sürmek bilen, tejribelere esaslanýan kanun çykaryjylygy kämilleşdirmek arkaly durnukly sosial-ykdysady ösüşi gazanmakda ýardam berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026