HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hem-de iri çäreleriň geçirilmegi barada maslahatlaşdylar

Ýanwar 22, 2025 | 11:45 |6479
21-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşygy geçirildi.21-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

21-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesi, şol sanda şu ýyla meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň işi barada maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülen şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Zenanlar dialogynyň forumyny geçirmek baradaky başlangyjyň wajyplygy barada bellenildi.

Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa döwletleriň we Russiýanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşar, ýurtlarymyzyň we sebitimiziň däbe öwrülen gymmatlyklarynyň ilerlemeginde zenanlaryň aýratyn ornuny açyp görkezer.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda emele gelen ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi barada nygtap geçdiler. Strategiki häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklary we ýetilen ylalaşyklar möhüm orun tutýar.

Duşuşykda Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine hem üns berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň işiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy giňişleýin beýan edildi.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanda we onuň çäginden daşary bu waka mynasybetli birnäçe iri çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär, olaryň iň möhümi bolsa dekabr aýynda geçiriljek döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky Maslahat bolmaly.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026