HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda talyp gyzlaryň arasynda gözellik we zehin bäsleşigi başlanýar

Ýanwar 23, 2025 | 14:50 |8270
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2025» atly her ýyl geçirilýän gözellik we zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşigiň jemleri her ýyl bolşy ýaly Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemlenýärTürkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2025» atly her ýyl geçirilýän gözellik we zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşigiň jemleri her ýyl bolşy ýaly Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemlenýär
Çeşme: yashlar.gov.tm

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2025» atly her ýyl geçirilýän gözellik we zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşigiň jemleri her ýyl bolşy ýaly Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemlenýär.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjy gyzlar milli däp-dessurlary bilmek we döredijilik başarnyklaryny hem-de iş endiklerini görkezmelidirler. Gyzlar Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça ösüş üçin döredilýän mümkinçilikler barada gürrüň bermek bilen bir hatarda, aýdym-saz, goşgy we sahna çykyşlaryny ýerine ýetirerler. Şeýle-de, isleg bildirýänler daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler. Mundan başgada olar milli tagam «unaşy» dogramagyň çeperligini we tizligini görkezmekde bäsleşerler hem-de milli el işleri boýunça öz başarnyklaryny görkezerler.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyry 2025-nji ýylyň 3-24-nji fewraly aralygynda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriler. Özüniň okuw mekdebinde 1-nji orna mynasyp bolan talyp gyz, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Jemleýji tapgyr paýtagtymyzda 1-7-nji mart aralygynda belli bir günde geçiriler.

Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna medeniýet we sungat işgärlerinden hem-de bäsleşigi guraýjy edaralaryň wekillerinden ybarat eminler topary baha berer. Her tapgyr boýunça ballary jemlemek arkaly, Baş baýraga, 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan talyp gyzlar kesgitlener. Bäsleşigiň netijelerine görä ýeňiji we tapawutlanan gatnaşyjylar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi we Türkmen Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan hormatly hatlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

Guramaçylar bilen habarlaşmak üçin:

44-88-55 (Magtymguly adyndaky Türkmen Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi),

44-84-16; 44-84-85 (Türkmenistanyň Bilim ministrligi),

44-88-58 (Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi).

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026