HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-niň awiakompaniýalary Remezan aýynda ýörite tagamlary hödürleýärler

Mart 10, 2025 | 09:07 |4738
Birleşen Arap Emirlikleriniň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.Birleşen Arap Emirlikleriniň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.
Çeşme: arabianbusiness.com

Birleşen Arap Emirlikleriniň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.

Agyz bekleýän adamlara goldaw bermek maksady bilen, Emirates ähli hyzmat ediş synplarynda agzyaçar üçin toplumlaýyn naharlar görnüşli ýörite gutujyklaryny hödürleýär. Inçelik bilen taýýarlanan dizaýnli goşmaça gutular uçar gonanda hem çykyş ýerinde paýlanylýar.

Mukaddes Remezan aýynyň dowamynda Dubaýyň halkara howa menziliniň garaşylýan zalynda awiadaşaýjy dürli görnüşli adaty naharlary, arap süýjüliklerini, hurmalary we kofe hödürleýär.

Agyz bekleýän ýolagçylar üçin takyklygyň iň ýokary derejesini üpjün etmek üçin Emirates awiakompaniýasy uçar wagty agyz beklemek we agzyaçar wagtyny dogry hasaplamak üçin özboluşly guraly ulanýar. Gün ýaşandan soňra, uçar gämisiniň serkerdesi resmi ýagdaýda ýolagçylara agzyaçar wagty barada habar berer.

Etihad Airways awiakompaniýasy öz gatnawalarynda hem gowy görülýän tagamlary bilen paýlaşýar.

“Myhmanlara oýlanyşykly tejribämizi hödürlemek – biziň üçin uly mertebedir. Remezan aýynda kärhanamyz tarapyndan yhlas bilen saýlanan tagamlar görnüşlerimiz ýolagçylaryň rahatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir” – diýip, Etihad Airways awiakompaniýasynyň Iýmit önümleri we myhmansöýerlik boýunça direktory Turki Al Hammadi belleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026