HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 12, 2025 | 03:50 |4527
11-nji martda Türkmenistanyň DIM-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpin bilen duşuşyk geçirdi11-nji martda Türkmenistanyň DIM-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpin bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: orient.tm

11-nji martda Türkmenistanyň DIM-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpin bilen duşuşyk geçirdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlara aýratyn üns berdiler.

Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň arasynda özara saparlary yzygiderli alyşmagyň häsiýetine ünsi çekip, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna-da uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilin baglylykda ylym, bilim, medeni alyşmalar we hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.

ORIENT

Ýene-de şu tema boýunça

Hytaýyň Şansi welaýaty Merkezi Aziýa bilen täze söwda we ykdysady baglanyşygy gözleýär

Türkmen wekiliýeti “Hytaý - Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň forumyna gatnaşýar

Siýanda Hytaý-MA hyzmatdaşlygynyň sekretariaty işlap başlady

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026