HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada daşary ýurtly raýaty bolýan ýeri boýunça hasaba almak düzgünlerini aňsatlaşdyrdylar

Mart 11, 2025 | 10:25 |2794
Russiýada daşary ýurtly raýaty bolýan ýeri boýunça hasaba almak düzgünlerini aňsatlaşdyrdylar.Russiýada daşary ýurtly raýaty bolýan ýeri boýunça hasaba almak düzgünlerini aňsatlaşdyrdylar.
Çeşme: объясняем.рф

Russiýada daşary ýurtly raýaty bolýan ýeri boýunça hasaba almak düzgünlerini aňsatlaşdyrdylar.

Indi daşary ýurtlylar Döwlet hyzmatar portaly arkaly özüniň bolýan ýeri baradaky elektron habarnamalary özbaşdak ugradyp bilerler. Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň (IIM) Migrasiýa meseleleri baradaky Baş müdirligi tarapyndan girizilen bu täzeçillik daşary ýurtlylara IIM-niň territorial edaralaryna özleriniň barmalarynyň zerurlygyny aýyrýar. Munuň ýerine, habarnama ugradylandan soň, ýaşaýyş jaýyň eýesi oňa portaldaky şahsy otagynda razylyk almaly. Bu bolsa, daşary ýurtly raýatyň onuň ýaşaýyş jaýynyň meýdanynda ýaşaýandygyny tassyklaýar. Mundan soňra, habarnama awtomatiki ýagdaýda IIM-niň maglumat ulgamlaryna ugradylýar. Ulanyjylar bolsa öz haýyşnamasynyň ýagdaýyna gözegçilik edip bilýärler.

IIM-niň işgärleri berlen maglumatlaryň dogrulylygyny barlap, daşary ýurtly raýatyň hasaba almak baradaky karary kabul edýärler.

Bu çäre migrasiýa bellige alnyşyň aňsatlaşdyrylmagyna we polisiýa işgärleri üçin maglumatlary işlemek wagtynyň azaldylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi bolsa, migrasiýa gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaly.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026